«Ford Motor» kompaniýasy 4 sany zawod gurar

3 Oktýabr 2021
1302

«Ford Motor» awtoulag kompaniýasy ABŞ-da umumy bahasy ABŞ-nyň 7 milliard dollaryna barabar bolan üç sany kuwwatlandyryjy öndürýän zawod gurmagy meýilleşdirýär. Zawodlaryň biri Tennesi ştatynda, beýleki ikisi bolsa Kentukki ştatynda bina ediler. Akkumulýatorlary öndürmekde «Ford Motor» kompaniýasynyň hyzmatdaşy bolup Koreýa Respublikasynyň batareýa öndüriji «SK Innovation» kompaniýasy çykyş eder. Ol goşmaça ABŞ-nyň 4,4 milliard dollary möçberinde maýa goýum goýar. Şeýlelikde, maýa goýumyň umumy möçberi ABŞ-nyň 11,4 milliard dollaryna barabar bolar. Zawodlaryň dördünjisi «F-Series» elektrik pikaplaryny öndürer. Bu zawodlary 2025-nji ýylda işe girizmek göz öňünde tutulýar.

Ýeri gelende aýtsak, elektrikleşdirmek meýilnamasynyň çäginde «Ford Motor» kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli ABŞ-nyň 30 milliard dollaryny harçlar.

Mahym Poladowa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar