Ilon Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy

3 Oktýabr 2021
1346

«Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň ýolbaşçysy, amerikaly işewür Ilon Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynyň birinjiligini eýeledi. Bu barada geçen hepde «Forbes» žurnaly çap etdi. Neşiriň maglumatlaryna laýyklykda, Maskyň emlägi ABŞ-nyň 203,4 milliard dollaryna barabar boldy. Sanawyň ikinji basgançagynda ABŞ-nyň 197 milliard dollary bilen «Amazon» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos ornaşdy. Ilkinji üçlügi bolsa Fransiýanyň «Louis Vuitton Moet Hennessy» kompaniýalar toplumynyň direktory Bernar Arno jemledi. Onuň baýlygy «Forbes» neşiri tarapyndan ABŞ-nyň 174,9 milliard dollary möçberinde bahalanýar.

Saparnepes ATABAÝEW,
Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar