25-nji sentýabrda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde Bütindünýä aw sergisi açyldy. Bu ýerde ýabany haýwanlaryň gäbi we bir ýarym müňden gowrak dürli aw oljalary bilen tanşyp bolýar. 14-nji oktýabra çenli dowam etjek bu çärä döwlet býujetinden, takmynan, 70 milliard forint sarp edildi. Bu serişdeler Wengriýanyň onlarça goraghanasyny saklamaga gönükdirilýän ýyllyk çykdajylardan birnäçe esse ýokarydyr. Sergide aw enjamlarynyň dürli görnüşleri goýlup, gözden geçirilişde dünýäniň dürli aw ýerleri barada gürrüň berilýär.
– Anadoly mouflony awçylar üçin möhüm görnüş hasaplanýar. Bizde Anadoly ýabany geçisi hem bolup, geçmişde köpler ony awlamagy halapdyr – diýip, türk goraghanasynyň müdiri Mehmed Uzman belledi.