«Apple» tanyşdyrylyş dabarasyny guraýar

12 Sentýabr 2021
1469

«Apple» kompaniýasy 14-nji sentýabrda täze «iPhone» toplumynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirýändigi barada habar berdi. Çäre wideoşekil arkaly geçiriler. Dabarada kompaniýanyň täze önümleri — «Apple Watch» we «AirPods» enjamlary görkeziler. Tanyşdyrylyş dabarasyny apple.com saýty ýa-da Apple TV ýaýlymy arkaly tomaşa edip bilersiňiz.

Maglumat üçin, «Apple» kompaniýasy, adatça, täze önümlerini güýzüň ilkinji aýynda köpçülige hödürleýär, ýöne 2020-nji ýylda pandemiýa sebäpli, oktýabr aýynda geçirilipdi. Şol dabarada kompaniýa sagatlarynyň täze — «Apple Watch» we «iPad» modellerini görkezipdi.

Beýleki habarlar