Ýyl­dy­za iň ýa­kyn dag

9 Sentýabr 2021
1886

Dün­ýä­niň iň be­ýik no­ka­dy­nyň Gi­ma­laý dag­la­ryn­da­ky Ewe­rest (Jo­mo­lung­ma hem di­ýil­ýär) de­pe­si­di­gi hem­mä mä­lim bol­sa ge­rek. Em­ma bu kes­git­le­me be­lent­li­giň öl­çe­nip baş­lan­ýan ýe­ri­ne gö­rä üýt­ge­ýär. Ewe­rest or­ta­ça de­ňiz de­re­je­sin­den öl­çe­nen­de iň be­ýik dag (8 müň 848 metr) ha­sap­lan­ýar. As­lyn­da, Ýer ýü­zü­niň iň be­ýik no­ka­dy as­ma­na iň ýa­kyn no­kat bol­ma­ly. Em­ma bu da­gyň çür de­pe­si Ýe­riň kos­mo­sa iň ýa­kyn no­ka­dy däl. Ewe­rest Ýe­riň mer­ke­zin­den iň uzak­da­ky no­kat hem däl. Mu­nuň se­bä­bi da­gyň be­ýik­li­gi­niň de­ňiz de­re­je­si­ne gö­rä öl­çen­me­gi bi­len bag­ly.

Ýer to­ga­la­gy­nyň mer­ke­zi ha­sa­ba al­nan­da, iň be­ýik dag And dag ul­ga­myn­da­ky Çim­bo­ra­so ha­sap­lan­ýar. Bu da­gyň pla­ne­ta­my­zyň mer­ke­zin­den uzak­ly­gy 6 müň 384 ki­lo­metr­dir. Bu gör­ke­zi­ji Ewe­rest­de 6 müň 382 ki­lo­metr. Ara­da­ky ta­pa­wut ba­ry-ýo­gy 2 ki­lo­metr hem bol­sa, Çim­bo­ra­so has be­ýik ha­sap­lan­ýar. Iki da­gyň ara­syn­da­ky ta­pa­wut ýe­riň tos-to­ga­lak däl-de, bir­ne­me süý­ri bol­ma­gy bi­len bag­ly. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ýer to­ga­la­gy Ek­wa­tor gu­şak­ly­gyn­da has süý­ri, pol­ýus­lar­da bol­sa ýa­sy­rak­dyr. Bu bol­sa Ek­wa­to­ra ýa­kyn ýer­le­riň has be­lent­de ýer­leş­ýän­di­gi­ni aň­lad­ýar. Şeý­le­lik­de, Ek­wa­tor Ýe­riň ýad­ro­sy­na – mer­ke­zi­ne has uzak­da ýer­leş­ýär. Çim­bo­ra­so da­gy Ek­wa­tor gu­şak­ly­gy­na örän ýa­kyn bo­lan­soň, özün­den be­ýik dag­la­ra ga­ra­nyň­da as­ma­na has ýa­kyn ha­sap­lan­ýar. Çim­bo­ra­so­dan baş­ga ýe­ne üç dag Ewe­res­te ga­ra­nyň­da Ýe­riň mer­ke­zin­den has be­ýik­de ýer­leş­ýär. Olar Pe­ru­da­ky Uas­ka­ran, Ek­wa­dor­da­ky Ko­to­pa­hi wul­ka­ny hem-de Tan­za­ni­ýa­da­ky Ki­li­man­ja­ro da­gy­dyr. XVI asyr­dan XIX asy­ryň baş­la­ry­na çen­li Çim­bo­ra­so dün­ýä­niň iň be­ýik da­gy ha­sap­la­nyp­dyr. Şeý­le-de bol­sa bu dag And dag­la­ryn­da be­ýik­li­gi ba­bat­da 39-njy orun­da dur­ýar.

Beýleki habarlar