Täze ösüşlere tarap

5 Sentýabr 2021
1607

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň beýik taglymatlary esasynda, gazanylýan üstünlikler ýaşlar syýasatynda hem öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz döwletiň ýokary depginli ösüşini üpjün etmekde ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýaşlar barada öňdengörüjilikli döwlet syýasaty amala aşyrylýar. Bu syýasat ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orun eýelemekleri üçin zerur bolan şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň halk hojalygyna täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda, milli ykdysadyýetimizi dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda hem-de bu ugurlar boýunça kämil hünärmenleri taýýarlamakda, ýaşlara döwrebap hünär bilimini bermekde uly işler amala aşyrylýar. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde belent sepgitlere eýe bolan pudaklaryň biri-de himiýa senagaty we himiýa ylmy bolup, bu ugurda ýaşlaryň bilimlerini kämilleşdirilmäge uly üns gönükdirilýär. Watanymyz dürli tebigy baýlyklara: organiki we organiki däl maddalara, minerallara, uglewodorod serişdelerine baý ülkedir. Bu baýlyklaryň esasyny düzýän maddalaryň fiziki-himiki häsiýetlerini düýpli öwrenmek, olaryň esasynda täze polimer, kompozit, sintetik maddalary sintezlemek, alnan täze maddalardan gurluşyk, senagat, dokma, durmuş maksatly önümleri öndürmek, oba hojalygy üçin zerur bolan täze dökünleri almak, himiýa senagatyny we himiki tehnologiýalary ösdürmek şu günüň esasy talaby bolup durýar.

Bagtyýar HYDYROW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar