Ýeriň astynda bolup geçýän tebigy hadysalar daglaryň azda-kände hem bolsa beýgelmegine, kähalatlarda bolsa peselmegine sebäp bolýar. Daglaryň beýikliginiň üýtgemegine wulkanlaryň partlamagy hem sebäp bolýar. Ýewropanyň iň uzyn işjeň wulkany Italiýanyň Sisiliýa adasynda ýerleşýär. Golaýda Etna atly bu dagyň beýikliginiň üýtgändigi habar berildi. Soňky maglumatlara görä, wulkanyň günorta-gündogar gerşiniň beýikligi 3357 metre ýetýär. Mundan ozalky 40 ýylyň dowamynda dagyň demirgazyk-gündogar gerşi iň beýik nokady hasaplanýardy. 1981-nji ýylda bu depäniň beýikliginiň 3350 metrdigi anyklanypdy. 2018-nji ýylda ýüze çykan partlamadan soňra onuň beýikligi 3326 metre çenli peselipdir. Ýagny dagyň bu depesi birneme çöküpdir. Etna dagynyň jemi dört gerşi bar. Bu depeleriň beýikligi wulkanlaryň atylyp çykmagy netijesinde üýtgeýär. Bu dag dünýäde iň işjeň wulkanlaryň bar ýeri hasaplanýar. Bu işjeňlik dagyň şekilini hem üýtgedýär.
Wulkanlar barada täsin maglumatlar
Wulkanlar, adatça, dag gerişlerinde duş gelip, Ýer gatlagynyň astyndan gaz, gyzgyn magma (suwuk haldaky gyzgyn massa) ýa-da kül pürküp çykarýarlar.
Wulkanlar, köplenç, tektoniki plitalaryň galtaşýan ýerinde gabat gelýär.
Wulkanlar işjeň, ukudaky hem-de sönen wulkanlar diýen toparlara bölünýär. Birnäçe ýyldan atylýan wulkanlara işjeň wulkanlar diýilýär. Häzirki wagtda atylmadyk, emma partlanyna ençeme ýyl bolan we haçan atyljagy hem belli bolmadyk wulkanlar ukudaky topara degişli hasaplanýar. Soňky gezek partlanyna ýüzlerçe ýyl bolan wulkanlara sönen wulkanlar diýilýär. Şeýle-de bolsa olaryň hem haçan partlajakdygy belli däl.
Haýran galdyryjy tebigy täsinlik bolan wulkanlaryň şekili we ululygy dürli-dürli bolýar. Olar şekil babatda, esasan, iki topara bölünýär – garyşyk hem-de ýalpak wulkanlar.
Antarktikadaky Erebus dagy Ýeriň iň günortasyndaky işjeň wulkanly ýer hasaplanýar. Dag Günorta polýusyň ikinji beýik nokady bolup, beýikligi 3794 metre ýetýär.
Indoneziýa, Ýaponiýa we ABŞ dünýäniň iň köp işjeň wulkany bolan ýurtlar hasaplanýar.
Gawai adasynyň Mauna Loa dagyndaky wulkan iň belentde ýerleşýän wulkan hasaplanýar. Onuň belentligi 4100 metrden gowrakdyr. Bu ýerde soňky gezek 1984-nji ýylda partlama boldy.
Ýer ýüzüne çykan wagty lawalaryň gyzgynlygy 1 müň 250 dereje bolýar.
Wenera Gün ulgamynda has köp wulkanyň gabat gelýän planetasy hasaplanýar.
Marsdaky Olimp dagy işjeň wulkanly hasaplanýar. 1971-nji ýylda «Mariner 9» kosmos gämisi arkaly üsti açylan dagyň beýikligi 22 kilometre ýetýär.
Marsda başga-da birnäçe daglar we wulkanlar gabat gelýär.