Uzak ýaşly enäniň guwanjy

25 Awgust 2021
1411

Fotosuratçy ýigidiň elime jaň eden wagty tomsuň günortanynyň tüp yssysy depäňi deşip barýardy. Işden ýadap, öýe ýaňy girip durşumdy. Fotosuratçy ýigidiň uzak ýaşly enäni surata düşürmekçi bolýandygy (özem ol 111 ýaşly ene hakynda gürrüň edýärdi), eger islesem, meni hem ýany bilen alyp gitmekçidigi barada aýdanlary meniň ýadawlygymy el bilen aýrylan ýaly etdi. Şeýle uzak ýaşan ene bilen didarlaşmagyň, onuň hal-ahwalyny sorap, mümkin bolsa, gürrüňlerini diňlemegiň özi ullakan bagt ahyry.

Biz öýlänler Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Ýalkym geňeşliginiň Annaoý obasynda ýaşaýan mährem ene Ogulbäbek Muhammedowalara baranymyzda hem, Günüň howry gaýdyşmandy. Ak guş ýaly perişdepisint ene bizi mähir bilen garşylady. Bagtymyza enäniň jany sag, wagty hoş eken. Halyndan habar almaga gelendigimizi hem-de surata düşürmekçi bolýandygymyzy eşidende, ol has hem begendi.

Beýleki habarlar