Sanly bilim ulgamy

18 Awgust 2021
3561

2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy tassyklandy. Bu Konsepsiýa Türkmenistanyň bilim ulgamynyň ösüşinde täze, möhüm tapgyryň başlangyjyna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy orta mekdepleriň okuw we guramaçylyk işlerine innowasiýalary girizmäge, ähli mugallymlara maglumat tehnologiýalaryny ulanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem okuwa sarp edilýän harajatlary tygşytlaýar, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmegini çaltlandyrýar. Munuň özi, bilim bermegiň ähli basgançaklary üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we onuň tor arkaly elýeterliligini üpjün edýär.

Gunça HOJAGELDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň müdiri.
Beýleki habarlar