It geldi — gut geldi

31 Iýul 2021
3814

Türkmen halky edil ahalteke bedewlerini ýetişdirişi ýaly, alabaý itlerini akylly, garadangaýtmaz, wepaly edip ýetişdirmegiň hem kämil tejribesini döredipdir. Ýeri gelende aýdylsa, alabaý itlerini terbiýelemek işi, ilki bilen, olaryň doglan badyna has dogumly bolup ýetişjegini saýlamakdan başlanypdyr. Alabaý itleriniň güjükleriniň içinden has dogumlysyny saýlamak üçin dürli ölçeglerden ugur alnypdyr. Iň esasysy bolsa güjükleri gapdala bir ýere äkidip goýup, enesiniň yzyna daşaýşyny synlapdyrlar. Şonda itiň agzy bilen usully dişläp, ilki getiren güjügi iň saýlama güjük bolup çykypdyr.

Güjük saýlanansoň, ony terbiýelemek işlerine girişilipdir. Duzly zatlaryň itiň görşüni, ys alşyny peseldýändigi üçin, turuwbaşdan, iti duzsuz ýa-da çala duzly, ýuwan ýala uýgunlaşdyrypdyrlar. Çig eti iýmezligi öwredipdirler. Diňe eýesiniň guýan suwuny içmegi, beren ýalyny iýmegi endik etdiripdirler.

Şöhrat ABDYÝEW,
mirasgär.
Beýleki habarlar