Peýdasy ga­ra­şy­lan­dan köp bol­dy

29 Iýul 2021
1882

Elekt­ro­ulag önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan «Tes­la» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gir­de­ji­si şu ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­de ga­ra­şy­lan­dan örän ýo­ka­ry bol­dy. Kom­pa­ni­ýa ap­rel-iýun aý­la­ry ara­ly­gyn­da 200 müň­den gow­rak ulag sa­typ­dyr. Bu dö­wür­de kom­pa­ni­ýa 1,1 mil­liard dollar aras­sa peý­da ga­za­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Şeý­le­lik­de, kom­pa­ni­ýa il­kin­ji ge­zek çär­ýek­lik peý­da­da 1 mil­liard dol­lar sep­gi­din­den geç­di. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­de 104 mil­li­on dol­lar bo­lan eken. Ge­çen ýyl­ky gör­ke­zi­ji­niň pes bol­ma­gy­na dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp bo­lup­dyr. Pan­de­mi­ýa­nyň yz­da gal­ma­gy bilen adam­la­ryň aw­tou­la­ga bo­lan is­le­gi­ ýo­kar­lan­ýar. Elekt­rou­lag ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­nyň ge­çen ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­de 0,44 dol­lar bo­lan her bir paý­na­ma­sy­nyň ba­ha­sy hä­zir­ki wagt­da 1,45 dol­la­ra ýe­tip­dir.

Beýleki habarlar