Türk­men sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň tä­ze sep­git­le­ri

29 Iýul 2021
3039

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Bedew bady bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikler, eýelenýän belent sepgitler bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynda gazanylýan ösüşler hem dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni ýurdumyza gönükdirýär.

Her bir ýurt üçin syýahatçylyk pudagy möhüm ulgamlaryň biri bolup durýar. Çünki haýsy ýurtda syýahatçylyk ösen bolsa, şol ýurduň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň, ählumumy ösüşleriniň halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredip, döwletiň abraý-mertebesiniň Ýer ýüzünde has-da belende galmagynda wajyp ähmiýete eýe bolýar. Şol bir wagtda bolsa bu pudagyň ösüşleri, elbetde, ýurduň ykdysady taýdan hem berkemeginde wajyp orun eýeleýär. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz turuwbaşdan güneşli Diýarymyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, syýahatçylyk pudagyny hem ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Bu ugurda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler bolsa özüniň giň gerimliligi bilen täze many-mazmuna eýe bolýar. Ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gurluşyklaryna badalga berlip, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenary görlüp-eşidilmedik derejede özgerdi. Bu ajaýyp künjekde onlarça myhmanhanalar, kottejler, uzynlygy 7 kilometr bolan Awaza derýasy we onuň üstünde birnäçe köpri, ýaht klub guruldy. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk toplumyna girýän ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň buýurmalary boýunça bina edilen beýleki desgalaryň hatarynda on iki gatly «Seýrana» myhmanhanasy hem bar. Onda ýylyň bütin dowamynda dürli derejeli ýaryşlary, türgenleriň okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny hem-de beýleki çäreleri geçirmäge mümkinçilik berýän ajaýyp saglygy dikeldiş sport binýady aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Hyzmat etmegiň hilini dünýä ülňüleriniň derejesine ýetirmekde Awazadaky sagaldyş-dynç alyş desgalarynyň pasportlaşdyrylmagy myhmanhana we syýahatçylyk hyzmatynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy diňe bir syýahatçylyk merkezi däl-de, ýatda galyjy dabaralaryň, dürli halkara maslahatlarynyň, festiwallaryň geçýän ýerine öwrüldi. Bu ajaýyp künjekde geçirilýän dürli baýramçylyk çäreleri, halkara maslahatlary özüniň ähmiýetliligi hem giň gerimliligi bilen tapawutlanýar. Hoştap howaly, gözel tebigatly, hususan-da, täsin binagärlik gözelligi bilen akylyňy haýran edýän gojaman Hazaryň türkmen kenary şol dabaralaryň ähmiýetini artdyrýar.

Annadursun TATOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar