Gezsem, dünýäni görsem

28 Iýul 2021
2643

Aziýanyň merjeni

Beýik ösüşlere beslenýän ata Watanymyzyň baş şäheri Aşgabat özüniň täsin şähergurluşyk-binagärlik keşbi bilen göreni haýrana goýýar. Mähriban paýtagtymyz 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Oňa laýyklykda, şol wagtky maglumatlara görä, (olaryň sany ýyl geldigiçe yzygiderli artýar) 22 inedördül kilometre barabar bolan meýdanda ak mermer bilen örtülen binalaryň 543-si ýerleşýär. Onuň umumy meýdany 4,5 million inedördül metrden gowrakdyr. Şol günden bäri hormatly Prezidentimiziň gol çeken «Aşgabat şäheriniň gününi döretmek hakyndaky» Permanyna laýyklykda, her ýylyň 25-nji maýy — paýtagtymyzyň güni hökmünde ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Aýgül MÄTIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar