Önümçilikde täze tapgyr

27 Iýul 2021
2646

Telekeçilerimiz oba hojalyk pudagynyň ösüşine mynasyp goşant goşmak bilen, bu ugurda täze önümçilikleri yzygiderli ýola goýýarlar. Şolaryň biri Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşiginiň çäginde «Maksada okgunly» hususy kärhanasy tarapyndan hindi towuklarynyň önümçiligi ýola goýlan guşçulyk toplumydyr. Bu ýerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Maksat Ibragimowa ýüz tutduk. Telekeçi ylmy taýdan esaslandyrylan önümçilik barada şeýle gürrüň berdi:

- Ýeri gelende bellesek, «Maksada okgunly» hususy kärhanamyz ýurdumyzda hindi towuklarynyň önümçiligini ilkinji bolup ýola goýdy. Önümçilikde bu towuklaryň ynsan bedeni üçin ýokumly görnüşlerini saýlap aldyk. Hususan-da, Fransiýanyň 2008-nji ýylda hindi towuklarynyň önümçiligini ýola goýan «Aviagen» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edip, şol ýerde ýetişdirilýän guş tohumlaryny önümçilikde peýdalanýarys.

«RYSGAL» gazeti
Beýleki habarlar