Sekizýap tebigaty söýüjilere garaşýar…

25 Iýul 2021
2865

Taryhy hem-de medeni ýadygärliklere baý bolan güneşli ýurdumyz Türkmenistanyň ýene-de bir syýahatçylyk ýerleriniň biri-de, Sekizýap çeşmesidir. Ol Köpetdagyň iň owadan ýerleriniň biri hasaplanylýar. Şähridag obasynyň içinden akyp geçýän bu çeşmejik öz gözbaşyny Gökdepe etrabynyň günortasyndan, Köpetdagyň belentliklerinden alyp gaýdýar. Uzynlygy 30 km. töweregi bolan Sekizýabyň akyp geçýän ýerleri durşuna bag-bakjalykdyr. Gözelligine gözellik goşýan birnäçe sany şaglawuklar — bu gudratly çeşmejigiň taryhyny öwrenmäge çalyşýan syýahatçylaryň ünsüni has-da özüne çekýär. Bu ajaýyp jülge özüniň gözelligi, howasynyň arassalygy, jana şypaly suwy bilen gezelenje gelýänleriň göwnüni göterýär. Dereleriň arasyndan ses edip gaýdýan Sekizýabyň salkyn şemaly bu ýerlere dynç almaga gelýänleriň ylhamyny joşdurýar. Tebigatyň adamzada eçilen bu ýerlerinde ýabany haýwanlaryň hem köpsanlysyny golaýdan synlap, olaryň içki dünýäsine aralaşmak gör nähili gyzykly. Mundan başga-da, çeşmäniň töwereginde adam eli bilen döredilen taryhy ýadygärliklere, ýagny birnäçe kilometrlere uzalyp gidýän kärizlere hem-de çeşmäniň boýundaky gurlan degirmenlere gözüň düşende ata-babalarymyzyň örän işeňňir bolandygyna doly göz ýetirýärsiň.

Sekizýap adynyň emele gelşini (etimologiýasyny) käbir adamlar sekiz obany suw bilen üpjün edenligi bilen baglanyşdyrsalar, käbirleri bolsa sekiz sany çeşmejigiň birigip bir akaba öwrülendigini tekrarlaýarlar. Taryhy nukdaýnazardan garanyňda, bularyň ikisi hem Sekizýabyň adyna kybap gelýär. Çünki Sekizýabyň gözbaşynda sekiz sany buldurap çykýan ýeri munuň adyny aňladýan bolsa, onuň sekiz sany obany suw bilen üpjün etmegi hem şol bir manyny berýär. Köpetdagyň gaýtalanmajak gözelliklerinden öz gözbaşyny alyp gaýdýan Sekizýapda balyklaryň hem birnäçe görnüşleri bardyr. Sekizýabyň çuňlugy orta boýly adamlaryň bilinden bolýan ýerleri-de, 2-3 metre ýetýän ýerleri-de bar. Onuň suwunyň köplügi, akymynyň güýçlüdigi barada gadymdan gelýän gürrüňlere görä «ýabyň içinden düýe geçende onuň suwy düýänem endiredipdir, düýäni ýykýan halatlary-da bolupdyr» diýlip aýdylýar.

Ylýas AMANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
Beýleki habarlar