Telekeçiligiň konstitusion esaslary

22 Iýul 2021
1986

Ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimizi ösdürmek, bazar gatnaşyklara geçmegi çaltlandyrmak, ykdysadyýetde hususy pudagy çalt depginler bilen özgertmek, kanunçylygy kämilleşdirmek babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Şeýle hem döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär. Şonuň ýaly-da, döwlet eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deň goragyny kepillendirýär we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýär. Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr.

Arslan MÄMMETORAZOW
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar