Goja Hazaryň sapasy

17 Iýul 2021
2451

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ösmegine oňyn täsir edýän syýahatçylyk pudagynda-da öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň gaýtalanmajak özboluşly tebigy ýerleri, türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alýan myhmansöýerligi milli syýahatçylygyň ösmegi üçin esas bolup durýar.

Milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan syýahatçylygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Muny döwlet Baştutanymyzyň: «Awaza» dynç alyş we syýahatçylyk zolagy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülmelidir» diýen sözleri hem tassyklaýar. 2007-nji ýylda milli Liderimiziň başlangyjy bilen goja Hazaryň gündogar kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmäge girişildi. Şondan bäri bu ýerde döredilen amatly şertler Hazar deňziniň täsin ekologik ulgamyny aýawly saklamaga, onuň tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga, saglygy dikeldiş we dynç alyş merkezlerinde raýatlaryň saglygyny dikeltmegi, dynç almagy üçin ýokary derejeli mümkinçilikleri döretmäge, milli syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge gönükdirilendir.

Abdyrahman MÄMMETNIÝAZOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň syýahatçylyk, bilim we sport bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar