Öňde möhüm wezipeler

16 Iýul 2021
1942

9-njy iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde ýurduň altyn gaznasyna deňelýän türkmen telekeçileri tarapyndan şu ýylyň birinji ýarymynyň gowy netijeler bilen jemlenendigi barada aýdyldy. Ýarym ýylyň jemleriniň netijesinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi 136,3 göterime, senagat önümleriniň ösüşi 119 göterime deň boldy.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz sarp ediş harytlarynyň, aýratyn-da, olaryň oba hojalyk pudagynda öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça işleriň heniz haýal alnyp barylýandygy barada eden belligi hususy pudagyň öňküden-de yhlasly işlemelidigini aňladýar. Munuň özi içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmakda türkmen telekeçileriniň netijeli işlemegini talap edýär. Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamak, kiçi we orta telekeçilige maliýe, maddy-tehniki taýdan kömek bermek hem-de sanly ulgamy önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak bilen söwdanyň döwrebap üpjünçilik ulgamlaryny döretmek meselelerini mydama üns merkezinde saklaýar. Bu mümkinçiliklerden giňden peýdalanýan telekeçiler önümçilige sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen internet söwda dükanlaryny döredip, halkymyza onlaýn hyzmatyny hödürleýär. Häzirki wagtda «Ynamdar», «Kömekçi market», «100 haryt.com», «Tiztapal» ýaly onlarça onlaýn söwda merkezleri arkaly ilata harytlary eltip bermek hyzmatlary hereket edýär.

Ogulsoltan IŞIMOWA,
Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar