SUW TYGŞYTLYLYGY - berekediň çeşmesi

12 Iýul 2021
2705

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny durnukly ösdürmek hem-de azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen. tygşytlaýjy tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni we bu ulgamda ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtaýar. Suw serişdelerini dolandyrmaga, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, täze pudaklaýyn desgalary, suwaryş ulgamlaryny gurmaga toplumlaýyn, oýlanyşykly çemeleşmek zerurdyr. Ekin meýdanlary suwarylanda, ekinleriň dürli görnüşleri üçin suwuň sarp edilişini hem-de ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutmak möhümdir.

Türkmen halky ähli döwürlerde hem suwy tygşytly ulanyp, ekerançylygyň, daýhançylygyň ençeme ýüzýyllyklaryň synagyndan geçen ajaýyp hem asylly däplerini kämilleşdiripdir. Suw damjasyny zer dänesine deňän ata-babalarymyz suwuň gadyr-gymmaty, onuň ynsan durmuşynda tutýan orny hakynda «Suw - atadyr, ýer - ene», «Suwuň ýok ýerinde ýaşaýyş ýok», «Gyş suwy - gyzyl suwy», «Suw berseň, akary bilen, mal berseň, bakary bilen», «Suwly ýer - gül, suwsuz ýer - çöl», «Suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp - il» diýen nakyllary nesillere miras goýupdyrlar.

"Rysgal" gazet
Beýleki habarlar