Salkyn saýaly merkezde

13 Iýul 2021
2627

Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde ýaş nesliň uly topary dynç alýar. Şolaryň arasynda welaýatymyzyň etraplaryndan we Tejen şäherinden gelen çagalar hem az däl. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan ol ýerde bolýan bagtyýar çagalaryň arasynda meýilnama esasynda gyzykly çäreleriň birini gurady.

Ýaş nesliň dynç alşynyň many-mazmunyny we sporta höwesini artdyrmak, sportuň dürli görnüşleri boýunça güýçlüleri ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş örän gyzykly boldy. Onda çagalar hereketli oýunlar, tanap çekmek, şaşka ýaly görnüşler boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler.

Şasoltan DURDYÝEWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar