Desgalaryň geologiýa — promysel we gidrodinamiki aýratynlyklary

12 Iýul 2021
2180

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyzda ägirt köp möçberli tebigy gazy netijeli peýdalanmak, ony gaýtadan işläp, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli polimerleri öndürmek nebitgaz toplumynyň geljekde esasy wezipeleriniň biri bolup durýar» diýip, belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň sözlerinden ugur alyp, işleri takyk esasda amala aşyrmakda känleriň geologiýa-gözleg işlerini amala aşyrmak esasy meseledir.

Geologiýa-gözleg işlerinde birnäçe aýratynlyklar ýüze çykýar. Olara geologiýa — promysel we gidrodinamiki aýratynlyklar, nebitgazly gatlaklaryň çuňlugy, gatlaklaryň çäkleriniň özara gabat gelşi degişlidir. Şeýle-de gatlaklaryň litologiýa häsiýetleri, sygymlylyk — geçirijilik ukyplary we berkligi, umumy netijelilik, käniň galyňlygy we dykyzlygy, şol sanda iň ýokary dykyz gatlagyň galyňlygy hem degişlidir. Bularyň özi netijelilik taýdan örän bähbitli çözgütlerdir. Ýokarda aýdylanlardan başga-da, gatlaklary synamagyň netijeleri, gidrodinamik usullar bilen kesgitlenilen syzylma görkezijileri, dürli kadalarda guýa nebiti, gazy berýän gatlaklary ýüze çykarmagyň usullary, nebitiň, gazyň fiziki-himiki we harytlyk häsiýetleri, gatlaklardaky daşky basyş we olaryň özara gatnaşyklaryny takyk derejede seljermek desgalaryň geologiýa — promysel usullarynyň esasy aýratynlyklarydyr. Bularyň özi käniň, şeýle-de desgalaryň öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagynda ygtybarlylygy üpjün edýär. Bu görkezijileriň esasynda toplanan maglumatlara seljerme geçirmek bilen, hasaplamalary ýerine ýetirmek arkaly şol desgalaryň ykdysady mümkinçilikleri kesgitlenilýär.

Seýilbaý SOPYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar