Tebigy gazlar taýýarlanylanda we ugradylanda desgalarda gidratlaryň döremeginiň aýratynlyklary

12 Iýul 2021
2219

Gazy we gaz kondensatyny işläp taýýarlamakda we ugratmakda tehnologik ýagdaýlarda uly kynçylyklar ýüze çykýar. Sebäbi çykýan tebigy gazyň düzüminde çyglylyk, agyr uglewodorodlar we saklanýan suwuklygyň mukdary artykmaçlyk edýär. Gazyň temperaturasy pese düşse we basyşy ýokary bolsa, gidrat döreme we gidratly beklenme emele gelýär. Çyg tebigy gazyň akymynyň sowap, dörän gidratlar gaz geçirijilerini bekläp, tehnologik düzgünleriniň bozulmagyna we gazyň uly ýitgilerine getirýär. Gidrat daşky görnüşi boýunça buza ýa-da gara meňzeş ak kristal jisimdir. Ilkinji gezek gidrat 1888-nji ýylda Katson tarapyndan metandan alynýar.

Uglewodorod gidratlary — bu belli bir termobariki şertlerde gazdan we suwdan kristal görnüşinde döreýän birleşmeler toplumy bolup, käte gaty madda (buz), käte port gar görnüşli ýagdaýlarda bolup bilýär. Gaz geçirijilerinde gidratlar bilen göreşmegiň esasy usullarynyň biri metanoly ulanmakdyr. Gazyň basyşyny peseltmek we ýylylygyny deňagramlylyk ýagdaýyna görä ýokarlandyrmak arkaly gaz gidratlary aňsatlyk bilen dargaýarlar, emma şu usullary ulanmaklygyň özi birnäçe tehnologik kynçylyklar bilen baglydyr. Tehnologiýa tilsimatlarynda gidratlar gaz öndürmekligiň ösüşine oňaýsyz täsir edýär. Bu ýagdaý diňe demirgazyk-gündogar ýataklarynda däl, günorta-gündogar ýataklarda-da gyş paslynda gaz guýularynyň sakalarynda we geçirijilerde duş gelýär. Tebigy gaz guýulardan toplumlaýyn gaz taýýarlanylýan desgalaryndan P=3,5 MPa we T=18÷25oC çenli gelýän aralykda onuň düzümindäki suwuklyk bug hem suw görnüşde saklanýar. Gazy separatorlardan geçirilip, suwy aýrylýar, soňra guradyjy desgada galyndy buglaryň göwrümi has-da peseldilýär. Gaz ýeterlik derejesinde guradylmasa, magistral gaz geçirijilerde çygjaryp, kristalgidratlar döreýär. Netijede, gaz geçirijisinde gazyň geçmekligi kynlaşýar. Gazdaky saklanýan suwuklygyň maksimal ýokary bolmagy onuň komponent düzümine bagly bolýar, ýagny agyr uglewodorodlaryň, kükürtwodorodyň (H2S) we kömürturşy gazynyň (CO2) bar ýerinde suwuklyk köpelýär, azotda (N2) bolsa peselýär. Gidrat döremesini H2S we CO2 has-da güýçlendirýär.

Myrat BAÝRAMGYLYJOW,
Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Gaz we gazkondensat känlerini işläp geçmek bölüminiň «Gaz çykaryş tehnologiýalary» laboratoriýasynyň müdiriniň w.w.ý.ý.
Beýleki habarlar