Syýahatçylyk merjeni

8 Iýul 2021
2637

Hazaryň türkmen kenary güneşli Diýarymyzyň iň gözel künjekleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bu künjekde döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy özüniň kaşaň binadyr desgalary, şol sanda dynç alyş-sagaldyş merkezleri bilen göreniň akylyny haýrana goýýar. Sanlyja ýylyň dowamynda ol ýerde gurlan bir-birinden owadan, täsin desgalar buýsanja mynasypdyr. Şeýle ajaýyp desgadyr binalary öz goýnunda jemleýän syýahatçylyk zolagynyň ýylyň ähli paslynda bagtyýar ildeşlerimiziň hyzmatynda bolmagy, ol ýerde maşgala dynç alşy üçin ýokary derejeli şertleriň üpjün edilmegi buýsanjymyzy has-da goşalandyrýar.

Adatça, tomus paslynda Hazaryň türkmen kenary has-da köp adamly bolýar. Bagtdan paýly ildeşlerimiz ol ýerde dynç alyp, saglygyny berkidýärler. Iň esasy zatlaryň biri-de, Gahryman Arkadagymyzyň deňiz kenarynyň ägirt uly dikeldiş mümkinçiliklerini peýdalanmak, ildeşlerimiziň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň dynç almagy üçin aňrybaş amatly şertleri döretmek, adamlaryň wagtyny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi, şol sanda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin mümkinçilikleri döretmek babatdaky aladalary netijesinde bu gün syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlar üçin ajaýyp amatlyklaryň üpjün edilmegidir. Şeýle giň mümkinçiliklerdir şertlerden, ýokary amatlyklardan peýdalanmagyň özi hem bagtyýarlykdan alamatdyr.

Aýlar TÄÇMUHAMMEDOWA,
Kaka etrap kazyýeti, kazynyň kömekçisi.
Beýleki habarlar