Gezsem, dünýäni görsem

7 Iýul 2021
2351

«Arkadag» myhmanhanasy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp ulanylmaga berlen kaşaň «Arkadag» myhmanhanasy özboluşly bezegi bilen haýran galdyrýar. Myhmanhana toplumy ýarym aýlaw görnüşinde bolup, onuň eýeleýän meýdany 220 müň inedördül metrden gowrakdyr. 14 gatly myhmanhananyň beýikligi — 76,5 metr. Ol uzynlygy 290 metr bolan merkezi binadan we oňa goşulýan iki desgadan ybaratdyr. Merkeze goşulýan ganat görnüşdäki binalaryň her biriniň uzynlygy 134 metrdir. Toplumyň çäginden emeli derýanyň geçmegi bu taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Derýanyň ugrunda dynç almak we gezelenç etmek üçin niýetlenen seýilgäh zolagy bar. Binanyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, saýaly baglaryň, dürli gülleriň ekilmegi, şeýle hem dury suwly derýanyň geçmegi bilen, bu ýerde jana ýakymly howa gurşawy emele geldi.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Aýgül MÄTIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar