Geologlaryň üstünlikli işleri

5 Iýul 2021
2154

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy işleri üstünlikli alyp barýar.

Korporasiýa 2021-nji ýylyň dowamynda nebiti, gazy, gaty magdanlary, gurluşyk materiallaryny we ýerasty suwlary gözlemek hem-de barlamak maksady bilen geologiýa-gözleg işlerini ýerine ýetirýär. Nebit we gaz ýataklarynda hem-de geljegi bar bolan meýdançalarda meýdan geofizika, çuň buraw işlerini amala aşyrýar. Işler nebite we gaza geljegi bar bolan ýerasty gurluşlary tapmak, olaryň geologik gurluşyny öwrenmek hem-de çuň burawlama taýýarlamak, täze nebit we gaz ýataklaryny ýüze çykarmak maksadyndan ugur alýar.

Güller ORAZOWA,
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň esasy hünärmeni, Zenanlar guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar