Tehnologiýalar merkezinde

3 Iýul 2021
2253

Şu ýylyň 27 — 30-njy iýuny aralygynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amreýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary boldy. Saparyň çäklerinde, 29-njy iýunda wekiliýet Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine aýlanyp gördi. Bu ýerde myhmanlary merkeziň ýolbaşçy düzümi garşylady we köpugurly ylmy barlaghanalarda işleýän hünärmenler olary ýerine ýetirilýän ylmy-tehnologik işler bilen tanyşdyrdylar. Hususan-da, alym Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Tehnologiýalar merkezinde ornaşdyrylan häzirki zaman enjamlarynda ýurdumyzda ozal geçirip bolmaýan, täze ylmy tejribeleriň geçirilýän Nanotehnologiýalar barlaghanasynda nanogatlaklaryň, nanobölejikleriň we nanoturbajyklaryň alnyşy hem-de olaryň elektron mikroskop we beýleki barlaglarynyň geçirilişi görkezildi.

Iş sapary bilen gelen wekiliýet gözel paýtagtymyza, şol sanda Tehnologiýalar merkezine aýlanyp, özlerinde galan gyzykly täsirler barada aýtdylar we geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp ugurlaryny bellediler.

Jeren AŞYRMUHAMMEDOWA.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi.
Beýleki habarlar