Tebigat — tämizlik çeşmesi (Tanyş boluň, ýaş alym!)

2 Iýul 2021
2345

Türkmenistanly talyp gowaça çöpünden we buýan kökünden taýýarlanan tämizleýji serişdäni önümçilige hödürleýär

Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyndaky ykrarnamalarynyň biri onuň binalaryndaky ak mermerler bilen baglydyr. Ak umytlaryň, ak niýetleriň, ak ýollaryň ak şäheri Aşgabat, hakykatdan-da, her kimde ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Elbetde, bu täsinlikde mermer binalaryň gurluşykçylarynyň mynasyp paýy bar. Gurluşygyň hysyrdyly işleriniň biri hem mermerlerdir kafelleri dürli serişdeler bilen tämizlemek bolup durýar. Eger bu iş henize çenli düzüminde himiki garyndylar bolan serişdeleriň üsti bilen geçirilen bolsa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Sylap Sylabow şeýle serişdeleri gowaça çöpünden we buýanyň gabygyndan öndürip boljakdygyny ylmy taýdan subut etdi. Bu başlangyç talyp ýigidiň «Tebigy ekologiki arassalaýjy serişdesi» atly ylmy işinde öz beýanyny tapýar.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.
Beýleki habarlar