Işewür gatnaşyklar — ösüşlere badalga

1 Iýul 2021
2160

Golaýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Işewürligi hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde Senagatçylar we telekeçiler birleşmeleriniň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly guralan foruma Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Awstriýanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki döwletleriň işewürleri gatnaşdylar.

Maslahatyň esasy mejlisinde hem-de bölümlerinde gurluşyk we senagat pudaklaryny, ulag-logistika infrastrukturasyny, agrosenagat toplumyny ösdürmekde işewür hyzmatdaşlygyň orny hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Ilki bilen, TSTB-niň ýolbaşçysy ýurdumyzda türkmen telekeçilerine berilýän goldaw hem-de olaryň durmuşa geçirýän taslamalary, esasy iş ugurlary hakynda çykyş etdi. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 26 müňden gowrak agzany özünde jemleýär. Olaryň öndürýän önümleri we ýerine ýetirýän hyzmatlary diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, dünýäde ýokary baha mynasyp bolýar. Milli Liderimiziň ýakyn goldawy netijesinde, işewürlikde halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň we tehnikalarydyr tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar