Astanababa mawzoleýi

27 Iýun 2021
3001

Biziň şan-şöhratly taryhymyz bar. Munuň şeýledigini ençeme asyrlaryň syrlaryny özünde jemläp oturan köpsanly taryhy ýadygärliklerimiz hem tassyklaýar. Şeýle ýadygärlikleriň biri hem hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda gürrüňi edilýän Astanababa mawzoleýidir.

XII — XVII asyrlara degişli bolan bu gadymy binalar toplumyny ýerli ilat Astanababa mawzoleýi diýip atlandyrsa, käte bu dört gümmezli mawzoleýi iki dogan Zeýdaly we Zuweýdalynyň atlary bilen baglanyşdyrýarlar. Olaryň aýallarynyň hatyrasyna Gyzlarbibi mawzoleýi diýlip atlandyrylandygy hem ýatlanylýar.

Şakir TURAÝEW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar