Ahlak kadalary

24 Iýun 2021
2445

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem şol uly işleriň biridir.
Bu Kanun döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine we işewür sypatlaryna talaplary ýokarlandyrmaga gönükdirilendir we döwlet gullukçysynyň hünär işini mynasyp amala aşyrmagy üçin onuň umumy etiki kadalaryny we özüni alyp baryş düzgünlerini belleýär diýlip, Kanunyň girişinde beýan edilýär.
Kanun 2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilip, ol dört bapdan, on alty maddadan ybaratdyr. Kanunyň maddalarynda döwlet gullukçylarynyň gulluk özüni alyp barşynyň ýörelgeleri, düzgünleri, hünär etikasy, gulluk etikasy we başga-da birnäçe kadalar öz beýanyny tapýar.
Milli kanunçylygymyzda döwlet gullukçysy — bu döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawynda görkezilen wezipäni eýeleýän we döwlet gullugynyň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işi amala aşyrýan Türkmenistanyň raýaty hasap edilýär. 
Bu Kanunda bellenilişi ýaly, döwlet gullukçylary wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde kanunylyk ýörelgesini, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarynyň we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna goldanmalydyrlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasatyna ygrarly bolmalydyrlar we ony yzygiderli durmuşa geçirmelidirler. Özleriniň hereketleri bilen döwlet häkimiýetleriniň abraýyny pugtalandyrmalydyrlar, döwlet edaralarynyň abraýyny gaçyryp biljek hereketlere ýol bermeli däldirler. 
Şeýle-de bu Kanunda döwlet gullukçylarynyň diňe bir iş ýerinde däl, eýsem, iş wagtyndan daşary ähli ýerde umumy kabul edilen ahlak-etiki kadalary berjaý etmelidikleri, jemgyýetçilige garşy özüni alyp baryş halatlaryna ýol bermeli däldikleri, salyhatly bolmalydyklary, gulluk ýagdaýyny şahsy bähbitlerine peýdalanmaly däldikleri, raýatlara hormat goýmalydyklary, öz hereketleriniň jemgyýet tarapyndan esasly tankyt edilmegi üçin delil bermeli däldikleri görkezilendir.
Döwlet gullukçysynyň gulluk gürrüňdeşliginde jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy, onuň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bolsa tebigydygy hem mizemezdigi we her bir raýatyň şahsy eldegrilmesizligine, şahsy we maşgala syryna, at-abraýyny we mertebesini goramaga bolan hukugynyň bardygy baradaky kadalardan ugur almagy zerurdyr.
Şeýle-de raýatlar bilen gulluk maslahatlary ýa-da gaýry gulluk gürrüňdeşlikleri wagtynda iýip-içmekden ýa-da gaýry şoňa meňzeş hereketlerden saklanmalydyklary hem-de döwlet gullukçylary raýatlar we işdeşleri bilen gürrüňdeşlikde sypaýyçylykly, hoşniýetli, mylakatly we ünsli bolmalydyklary Kanunda görkezilendir.
Milli kanunlarymyzy kämilleşdirmek işinde ahlak kadalarymyz bilen bir hatarda, millilik, däp-dessurymyza hormat goýmak, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek işlerine hem aýratyn üns berilýär. Çünki hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda kabul edilýän her bir kanun halkyň bähbidine gönükdirilendir.
Halkyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Baýram ŞÜKÜROW
Ahal welaýat adalat bölüminiň baş maslahatçysy, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar