Edebi we ebedi baýlyk

23 Iýun 2021
2698

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen geçmiş taryhymyzy, edebiýatymyzy çuňňur öwrenmäge uly üns berilýär. Asyrlar aşan medeni mirasymyzyň nusgalarynyň biri bolan «Görogly» şadessanynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi buýsandyryjy wakadyr.

Geçmişde Beýik Ýüpek ýoly bilen argyşa giden kerwenlere halk döredijiliginden baş çykarýan dilewarlar, edebiýat, taryh bilen gyzyklanan alymlar hem goşulypdyrlar. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle bellenilýär: «Uzak ýollary sökýän kerwene goşulyp, argyşa gitmek özboluşly terbiýeçilik we tejribe mekdebi bolupdyr. Munuň üçin kerwenbaşy argyşçylaryň toparyna dana kyssaçylaryň, alym-ulamalaryň, köpügören syýahatçylaryň, tejribeli argyşçylaryň goşulmagyny gazanypdyrlar. Olar goş ýazdyrylyp, dynç alynýan pursatlarynda ýaş söwdagärlere halal gazanç etmegiň, söwdaň şowlap, tüçjar baý bolanyňda hem adamkärçilik, ynsanperwerlik, mähribanlyk duýgularyňy barha çuňlaşdyrmagy gazanmagyň zerurdygyny öwredipdirler. Şol bir wagtda argyşçylar ylym dünýäsine aralaşyp, ruhy baýlygyny artdyrypdyrlar, düşünmeýän meseleleri boýunça alymlardan maslahat alypdyrlar, şeýdibem, köňüllerine ýagşylyk nuruny çaýypdyrlar».

Annagözel HALLYÝEWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.
Beýleki habarlar