Möwsümiň gyzykly günleri

23 Iýun 2021
2367

Daşoguz şäheriniň eteginde ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsümi şatlyk-şowhuna beslenip dowam edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň sahawaty bilen gurlup, ulanylmaga berlen bu merkezde ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap dynç almagy, wagtyny many-mazmunly hem gyzykly geçirmegi üçin ähli oňaýlyklar döredildi. Guramaçylykly başlanan möwsümiň ikinji tapgyrynda bu ýerde welaýatyň çar künjeginden gelen çagalaryň 150-si sapaly dynç alýarlar, örän gyzykly hem ýatdan çykmajak täsirleriň gujagyna dolýarlar. Merkeziň dürli meýdançalary, açyk asmanyň astyndaky hem-de üsti ýapyk suw howdanlary, iň kämil enjamlar ornaşdyrylan okalga, dynç alyş, kompýuter otaglary bagtly çagalaryň şadyýan owazyna gurşalýar. Olar dostlaşýarlar, öz deň-duşlary bilen şatlyklaryny paýlaşýarlar. Ýaş nesliň her bir pursady gyzykly geçirmekleri babatda bu ýerde uly aladalar edilýär, çagalaryň merkezde bolýan her güni, her sagady hemişelik ýatda galjak pursatlara öwrülýär. Şu maksat bilen guralýan medeni çäreler, dürli oýunlar, gyzykly bäsleşikler, köp sanly duşuşyklar olarda aýratyn täsir galdyrýar.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.
Beýleki habarlar