Maşgala mukaddesligi ojakdan başlanýar

22 Iýun 2021
2614

Ojak diýlende ýaş döwürlerimizde boz sähralykdan, çöl ýerlerden getirilip, howlynyň bir çüňküne üýşürilip goýulýan üýşmek sazak göz öňüne gelýär. Onuň sebäbem öýde bir işe güýmenip ýörkäň, ojaga käte bir bölek sazak oklarsyň welin, onuň çoguna jaýyň içi gyzýardy. Onsoň, günuzyn gübürdäp ot ýanan ojaklaryň ýylysyna uzak gije üşemän ýatyp bolýardy. Şonuň üçinem ol döwürler ojak gaty ýoňdy, ol öýsaýyn bardy. Çünki maşgala ojakdan başlanýardy. Täze maşgala öý dikilende-de, ilki bilen, maşgalada rysgal-döwlet bolmagy niýet edilip gurulýan zatlaryň biri ojakdy. Biziň özümizi bilip gulagymyzda galyşyna görä, türkmen öýünde ojak hem tamdyr ýaly mukaddes saýylýar, ol häzirem şeýle.

Aradan ep-eslije ýyl geçenem bolsa, ojaga ot ýakyp, onda bişirilýän duz-tagamlardan dadyp göremizsoň, halkymyzyň milli miraslarynyň biri hasaplanýan ojaklar barada bilen-gören zatlarymy aýtmak juda ýakymly. Paýhasly ata-babalarymyz ojagyň dürli-dürli görnüşlerini arkama-arka geçiripdirler. Şondan ugur alybam üstünden ençeme aýlaryň, ýyllaryň geçmegi bilen mukaddes ojaklaryň dürli görnüşlerini gurmak ýoň bolupdyr we biziň günlerimize gelip ýetipdir. Obada howlularyň içinden uly toý gazanlaryny atarmak üçin goşa ojaklar gurulýardy. Onuň gapdalynda çaý gaýnatmak, gündelik biş-düş etmek üçin kiçiräk gazan-ojaklar bolardy. Çaýojakda sazagyň oduna gaýnan çaýyň tagamyny çaga bolsak hem örän gowy görýärdik. Ojakda bişirilen naharyň tagamyny hem hiç zat bilen deňär ýaly däldi.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.
Beýleki habarlar