Ylym — ösüşleriň hereketlendirijisi

21 Iýun 2021
2283

Ylym — häzirki zaman jemgyýetini ösüşlere iterýän güýç. Bu güýji artdyrmaga sarp edilen tagallalar döwletiň ynamly öňe gitmeginiň subutnamasy bolup durýar. Ulgamy ösdürmeklige aýratyn üns berlip, okgunly ylmy-tehnologik ösüş üçin zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz ylmyň we bilimiň üstünliklerimiziň binýadydygyny belläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe innowasiýalary we iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly giň möçberli maksatnamalaryň hem-de meýilnamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtaýar. Şunda biz öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň gazananlaryna daýanýarys. Biz olary halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna ornaşdyryp, özümiziň ykdysady, syýasy, medeni we bilim kuwwatymyzy artdyryp, ata Watanymyzy okgunly ösüş ýoly bilen öňe alyp barýarys.

Hut şoňa görä-de, milli ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hususan-da, ýokary hünärli ýaş işgärleri ― täzeçe pikirlenýän alymlaryň neslini terbiýeläp ýetişdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamyna sanly serişdeleriň, öňdebaryjy kompýuter we multimedia enjamlarynyň ornaşdyrylmagyny, umumybilim berýän orta mekdepleriň 12 ýyllyk okuwa geçirilmegini nobatdaky möhüm we düýpli ädimleriň hatarynda goýdy. Bilim edaralarynyň okuw-usulyýet üpjünçiligini gowulandyrmak, şol sanda döwrebap okuw kitaplaryny neşir etmek boýunça giň gerimli işler geçirildi. Şol kitaplary taýýarlamaga mekdepleriň mugallymlary, Bilim ministrliginiň esasy hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, Ylymlar akademiýasynyň işgärleri işjeň gatnaşýarlar.

Maýagözel SAHYDOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar