Dünýäniň meşhur ýadygärlikleri

21 Iýun 2021
2387

Söz ussadyna sarpa

Merjen şäherimiz Aşgabadyň gözel seýilgählerinde medeniýetli dynç almak, seýil etmek üçin ähli şertler döredilen. Olar, esasan hem, dynç günleri köp adamly bolýar. Ynha, şeýle ajaýyp seýilgähleriň biri-de paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ýerleşdirilen seýilgähidir. Söz ussady Magtymguly Pyragynyň heýkeli bu ýerde 1971-nji ýylda bina edilýär. Indi ýarym asyr bäri paýtagtymyza görk berip gelýän heýkeliň taslamasy üçin arhitektorlar W.N.Wysotiniň, W.G.Kutumowyň we heýkeltaraş W.G.Popowyň işleri peýdalanylýar. Heýkeli ýasamak üçin gerek bolan daşlar Ermenistan Respublikasyndaky Ararat dagyndan getirilipdir. Seýilgähiň merkezindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi paýtagtymyzyň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Çaryguly HANJAÝEW.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Beýleki habarlar