Ylym we tehnika — ösüşleriň hereketlendirijisi

18 Iýun 2021
2556

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 16-njy iýunynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sanly ulgam arkaly geçirilen ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitinde çykyş etmegi halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň barha rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär.

XXI asyr ylym we tehnologiýalar asyry bolup, olar adamzat durmuşyna düýpli täsir edýär. Häzirki döwürde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ylmyň gazananlaryna uly orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, adamzadyň iň uly baýlygy ylym we bilimdir. Ylym-bilim kämilligiň, rowaçlygyň, bagtyýarlygyň, röwşen geljegiň açarydyr. Jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüdir. Şonuň üçin hem halkara guramalar ylym we tehnologiýalar boýunça agza döwletleriň hyzmatdaşlygyny ösdürmegi esasy maksatlaryň hatarynda kesgitleýärler.

Jennet ÝAZKULIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar