Ýuwluk gören ýuwlar

18 Iýun 2021
2327

Tanyşlarymyň biri paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýunyň toýlanýan günleri Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Bagyr obasynda iki asyryň şaýady bolan, 100 ýaşyny toýlaýan enäniň bardygyny aýtdy. Hoş habary eşiden badymyza, biz bu ene bilen gürrüňdeş bolmagy niýet edinip, onuň öýüne bardyk. Sugra Şirmämmedowa, tüweleme, 100 ýaşy arka atana meňzänok. Saglyk-amanlykdan soň, onuň bilen gürrüňimiz alşyp gitdi.

Sugra Şirmämmedowa 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy başlananda ýaňy 20 ýaşyndaky gyzdy. Obadaky eli ýarag tutmaga ýaramly erkekleriň ählisi söweş meýdanyna gidýär. Obada gelin-gyzlar, garrylar, ýaş çagalar galýar. Olaryň işe ýaramlylarynyň ählisi daýhan birleşiginde işlemeli bolýar. Sugra eneleriň maşgalasyndan hem kakasy Seýitesger aga Beýik Watançylyk urşuna gidýär. Ejesi Şirwan daýza bäş çagany eklemeli bolýar. Olar agzybirlikde maşgala bolup daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda gije-gündize parh goýman işleýärler. Sugra ene şeýdip ene topraga yhlasyny siňdirýär, ýylyň-ýylyna ýüpek gurçuklaryny idedýär, gysga wagtyň içinde boýdaşlaryndan tapawutlanyp, öz işiniň ussady bolýar.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,
«Türkmenistan». Surata düşüren Hasan MAGADOW.
Beýleki habarlar