Şu günüň we geljegiň şamçyragy

17 Iýun 2021
2224

Mähriban Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ylym ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler, bildirilýän talaplar ýokary derejededir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň tagallalary bilen bu ulgamda uly özgertmeler amala aşyryldy. Şolaryň ählisiniň maksady bolsa ýurdumyzda dünýä derejesindäki mümkinçilikleriň örän elýeterli bolmagyny üpjün etmegi gazanmakdan ybaratdyr. Türkmenistanda durmuşa geçirilen we ýerine ýetirilýän işler şu aýdylanlaryň subutnamasydyr. Şunda ylmyň ösdürilmegine we ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn uly üns berilýär.

Bu babatda ýerine ýetirilen ençeme beýleki işler bilen bir hatarda, paýtagtymyzdaky Tehnologiýalar merkezi ajaýyp mysaldyr. Bu merkez ylmyň ösdürilmegini höweslendirmäge, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda innowasion tehnologiýalary iş ýüzünde giňden ornaşdyrmaga hem-de işläp düzmäge ýardam etmäge gönükdirilen ylmy-barlag edaralaryny we okuw binalaryny, senagat desgalaryny hem-de işewür merkezleri, sergi meýdançalary we degişli edaralary birleşdirýän toplum bolmaga hyzmat etmegine niýetlenendir.

Rahymgeldi GELDIÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar