Syýahatçylygyň merjeni

15 Iýun 2021
2331

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir raýatyň bagtyýar durmuşy baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň gojaman Hazaryň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek we bu gözel künjegi Ýer ýüzüniň syýahatçylyk dürdänesine öwürmek ugrundaky rowaçlyga beslenen tagallalary hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

«Awaza» taslamasy Türkmenistanyň ýakyn onýyllyklar üçin geljekki meýilnamalarynda aýratyn orny eýeleýär. Şonuň üçin hem bu taslama dünýäniň binagärçilik we inženerçilik pikiriniň iň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýär” diýip belleýän döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde deňziň kenary gysga taryhy döwrüň içinde düýpgöter özgerdi. Bu täsin künjekde häzirki zaman myhmanhanalary, sagaldyş merkezleri, kottejler, sport maksatly desgalar, seýilgähler, suw çüwdürimleri we beýleki ençeme desgalar guruldy. Bularyň ählisinde hem döwrebap dynç alyş üçin giň mümkinçilikler döredildi.

Ogulsabyr ALOWOWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň birinji derejeli kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar