Sapaly gökdere

14 Iýun 2021
1981

Sapaly tomus paslynyň gelmegi bilen, bagtyýar çagalaryň şatlykly owazlary tutuş giňişlige ýaýrap gidýär. Okuw möwsümini tamamlan çagalary Awazadaky, gözel Gökdere jülgesindäki hem-de ýurdumyzyň beýleki ajaýyp künjeklerindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri gujak açyp garşylaýar. Bagtyýarlygyň bar ýerinde çagalaryň şatlyk-şowhuny has belentden ýaňlanýar.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary, atalyk aladalary netijesinde bu günki gün ata Watanymyz bagtly çagalygyň ýurduna öwrüldi. Ýurdumyzyň ýagty geljegini, aýdyň ertirlerini ösüp gelýän ýaş nesillerde görýän hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen çagalaryň kämil bilim almagy bilen bir hatarda, olaryň şadyýan dynç alşyny üpjün etmek ugrunda hem netijeli işler amal edilýär.

Beýleki habarlar