Ylym — önümçilik — işewürlik

11 Iýun 2021
2202

Ykdysady gatnaşyklaryň dünýä derejesinde ösýän, milli ykdysadyýetleriň sanlylaşýan döwründe, ilkinji nobatda, ylma daýanýan sanly innowasiýalara ähmiýet berilýär. Çünki sanly ulgam arkaly önümçilikleriň hili kämilleşdirilýär, netijeliligi ýokarlandyrylýar. Bu bolsa öz gezeginde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan hünärmenleriň, şeýle hem ykdysady önümçiligi guramakda täzeçil çemeleşmeleriň zerurlygyny ýüze çykarýar. «Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady» ady bilen geçirilýän ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigi hut şol ugra gönükdirilendir.

Şu ýerde bu gezekki bäsleşigiň geçen ýylkydan aýratynlygyny bellemek ýerlikli bolsa gerek. Geçen ýylky ylmy taslamalara «Bilim — Ylym — Önümçilik» ugry boýunça seredilen bolsa, bu gezek ol ugur has kämilleşdirilip, şeýle hem bäsleşige gatnaşyjylaryň taýýarlyk derejesi göz öňünde tutulyp, işlere «Ylym — Önümçilik — Işewürlik» ugry boýunça garaldy.

Taýýarlanlar Kakajan ÇARYÝAROW, Dawut ASGAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyplary, «Nesil».
Beýleki habarlar