Winni Puh

10 Iýun 2021
2791

Multfilme tomaşa etmek çagalaryň iň halaýan güýmenjeleriniň biri. Şonuň üçin olar her gün telewizoryň başynda halaýan multfilminiň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Çagalaryň halaýan multfilmleriniň biri bolan «Winni Puh» atly multfilm kiçigöwünli, enaýyja aýyjyk Winni baradadyr. Bu multfilmiň sýužeti 1920-nji ýyllarda dramaturg we gazet işgäri A.A.Miln tarapyndan ýazylan gysga hekaýalardan ybaratdyr. Onuň esasy gahrymanlary Winni, Ýemşijek atly jojuk, gaplaň, towşan we La atly taýhardyr. Şeýle-de Kristofer Robin, baýguş we kiçijek kenguru bar.

Winni Puhuň döreýşi hem täsindir. A.A.Miln 1921-nji ýylda ogly Robine bir ýaşynda oýnawaç aýyjygy sowgat edýär. Robin ulaldygyça oýunjaklarynyň üstüne bir eşek, bir jojuk, bir gaplaň, bir towşan we iki kenguru goşulýar. Robin 4 ýaşyna gadam basanda kakasy ony haýwanat bagyna äkidipdir. Bu ýerde olar Kanadanyň Winnipeg diýilýän ýerinden getirilen aýyny görüpdirler. Doglan ýerine esaslanyp Winni diýen ady alan aýy soňra Milniň 1925-nji ýylda «London Evening News» gazetinde çap etdiren hekaýasynyň esasy gahrymany bolupdyr.

Maýsa KYÝASOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar