Hoşallyk maslahaty

10 Iýun 2021
2354

Düýn Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hormatly Prezidentimiziň «Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakynda» Karara gol çekmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa birleşmäniň müdiriýetiniň agzalary hem-de telekeçiler, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda telekeçilik işini höweslendirmek, telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw berilmegini kämilleşdirmek, pudagyň ykdysadyýetdäki ornuny has-da artdyrmak, şeýle hem täze iş ýerlerini döretmek maksady bilen gol çekilen resminamanyň ähmiýeti dogrusynda gürrüň etdiler.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar