Milli terbiýäniň gözbaşy

9 Iýun 2021
1892

Saba säherlerde yhlas bilen saýraýan guşlar höwürtgelerinde rahatlyk tapýarlar. «Müň bir çeçekden bal ýygnaýan arylar» öýjükleriniň agzyny mum bilen suwap, nesil dowamatyny köpeldýärler. Edil şolar ýaly, ynsan oglunyň daşynyň galasy, göwnüniň aramgähi maşgaladyr. Hut şu mukaddes ojakda bizden öň ata-babalarymyz arkama-arka ýaşap geçip, durmuş tejribesine, şaýat bolan wakalaryna, gören kynçylyklaryna, şatlykly we tolgundyryjy pursatlaryna salgylanyp, maşgala terbiýesiniň uçursyz uly hazynasyna goşant goşup gidipdirler. Biz öz ýaşaýan döwrümiziň ösüşlerine, özgerişlerine baha berip, zamanamyzyň özümize eçilýän ägirt uly mümkinçiliklerinden peýdalanyp, zyýada ýyllaryň täsiri bilen maşgala terbiýesini dowam etdirýäris. Geljekde biziň neberelerimiz özlerine berlen edep sowgadynyň agramyna görä bu asylly ýoly dowam etdirerler. Şol sebäpli-de, biziň hiç bir babatda nesil terbiýesini ikinji orna geçirmäge hakymyz ýokdur. Iki başyň abat bolup, maşgalanyň ýakymly gatnaşyklary bilen çaga terbiýelemeklige ýetesi zat ýok. Atanyň ata ornunda, enäniň ýüreklerimiziň töründe, gelnimiziň elimiziň aýasynda, balalarymyzyň gözümiziň agy-garasynda bolmagy bahasyz baýlyk. Ýöne bu bir durmuş-da. «Kyrk ötükde maňlaýa näme ýazylan bolsa, bolanyny görüp barybermeli» diýmeýärlermi näme, paýhasly garrylarymyz... Ýöne şonda-da, nähili ýagdaý bolaýanda-da çagalaryňy ýa-da uly dogan bolup, kiçileri terbiýelemek bir öz gerdeniňe düşäýende-de edep-ekram diýlen altyn hazyna hiç mahal el urulmaly däldir. Beter güýjüň ýetdiginden baýlaşdyryp, geljekki nebereleriňe peşgeş galdyrmalydyr. Maşgala gymmatlyklarynyň arasynda myhmansöýerlik, goňşy gatnaşyklary, halal ýaşamak, hakyňa kaýyllyk, päk zähmet bilen bagta ýetmek, zehin-başarnygyňy, ylym-bilimiňi ösdürip, Watana, il-güne hyzmat etmek derwaýys hasaplanýar. Şu mukaddeslikleriň ählisiniň gory hem milli häsiýetde jemlenýär. Turuwbaşdan, çaga pespällik, özara sylag-sarpa, zähmetsöýerlik, ynsaplylyk öwredilen halatynda ýagşylyk edildigidir. Sebäbi, «Miweli bagyň başy aşak» diýlişi ýaly pespäl, sada adamlar mydama köňül küýsegindedir. Ulumsy adamlar bolsa, hondanbärsiligi bilen elmydama özlerini ýeke duýýandyrlar. Ynsan mährine taý geljek zat ýok. Adamda üýtgeşik bir talap-tamada ýok. Ýöne kiçijek-de bolsa, çep gursakda gürsüldäp duran ýürege emir etmek welin aňsat däl. Şol duýguçyl beden agzamyzy biz diňe ýagşy söz, mähir-mylakat bilen awlap bilýäris. Ýagşy sözleri paýlamagy çagalarymyza-da öwretmek biz — ata-eneleriň jana-jan borjumyz. Diňe bir goňşy-golamyň, tanyş-bilişiň çagasynyň däl, eýsem, tötänlikde toý-märekede, ýol-ulagda gabat gelýän nätanyş ýaşlaryň hem edep-terbiýesi biziň elmydam gözümizde-gulagymyzda ahbetin. Olara edil öz perzendiň ýaly ak ýürek bilen seredip, boýlaryna, geýnişine, özüni alyp barşyna baha bermek döwrüň bizden edýän talaby. Okap, işläp ýören perzentlerimiziň her ädimde köpçülik bilen gabatlaşýandygyny, ýüzlerçe, hatda müňlerçe gözler bilen syn edilýändigini ýatdan çykarmaly däldir. Şol sebäpli-de öz milli kada-kanunlarymyza laýyk häsiýetde bolmagyny, geýinmegini talap etmäge hakymyz bardyr.

Ogullar — türkmen öýüniň sütüni, goragçysy. Olar ýetişensoň, Hudaýa şükür gerdenimizden agyr ýüküň düşendigini duýup, çyndan begenýändiris. Olaryň merdana, rehimli, birsözli, sylaşykly bolmagy has-da nazarkerdelik mertebesine eýe edýär. Tüweleme, üsti-başy tämiz, belli bir maksady öňünde goýup işläp, okap ýören ýigitlerimiz guwandyrýar.

Ogulbeg JUMAÝEWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar