Ýaş alymyň üstünligi

7 Iýun 2021
2246

Uly söwda kärhanasynyň eýesi bolan bir kişi garrap, tapdan düşýär. Ol üç ogluny hem ýanyna çagyryp:

— Araňyzda haýsy hem bolsa biriňiz kärhananyň başyna geçmeli, emma muňa haýsyňyzyň has laýyk boljagyňyz barada şu pursat anyk zat aýtmak kyn. Men dünýäden ötenimden soňra, miras sebäpli siziň araňyza sowuklyk düşmegini islämok. Şol sebäpli hem haýsyňyzyň kärhananyň ýolbaşçysy bolmalydygyňyz barada kesgitli netijä gelmek üçin sizi synamagy makul bildim. Häzir her biriňize on müň manat berjek. Oňa siz şeýle bir zat alyň welin, agşam geleniňizde, şu otagy boýdan-başa doldursyn. Baryň, indi bolsa, ýola düşüň! — diýýär.

Beýleki habarlar