Bulary bilmek gyzykly

2 Iýun 2021
4060

Guw

Guw ömürlik taýly bolýar, egerde taýy heläk bolaýsa, taýlaşmaýarlar, kähalatlarda taýsyz galan guw özüni heläkläp hem bilýär. Guw gazdan biraz tokarrak bolup, ýaşy ýetenleri ak reňkli, horazy mäkiýandan üstki çüňküniň düýbündäki gara uly ösüntgisi bilen tapawutlanýar. Ýaş guwlar çalymtyl, goňur, garyn tarapy arkasyndan agymtylrak, boýny göwresinden ýagty reňkli, ganatlarynyň ujy çalymtyl guýrugy hem çal, ýöne onuň uçlary ak reňkli bolýar. Özüni alyp barşy ümsüm, howp abananda gaty hyňňyldy ses edýär, onuň bedeniniň uzynlygy 150 sm golaý, ganaty 57 sm, agramy 8-13 kg çenli bolýar. Guwlar suwda bolanlarynda boýnuny s harpyna meňzeş saklaýar, guýrugy bolsa mese-mälim uzynrak, çüňküni we kellesini suwuň üstünde kese saklaýar.

Ramazan RAHYMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar