Ylym giňişliginde ýaşlaryň orny

30 Maý 2021
2431

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri milli ylmyň hem ösdürilýän ajaýyp zamanasyna öwrüldi. Bu döwürde türkmen ylmynyň has-da kämilleşdirilmegi, ylym ulgamyna sanly serişdeleriň işjeň ornaşdyrylmagy, ylmy barlaglaryň, gözlegleriň, taslamalaryň netijeli amala aşyrylmagy, türkmen alymlarynyň halkara giňişliginde uly gyzyklanma eýe bolýan ylmy işleriniň sanynyň artmagy, hususan-da, ýaş alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Türkmen ýaşlarynyň netijeli ylmy işleri alyp barmaklary üçin döwlet tarapyndan uly mümkinçilikler we şertler döredilýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Döredijilik hyjuwyndan doly zehinli ýaşlaryň ylma gelmegini üpjün etmek, Watanyny jany-teni bilen söýýän, başarnykly, giň gözýetimli ylmy işgärleriň we hünärmenleriň sanyny düýpli artdyrmak döwrümiziň öňe sürýän iň derwaýys wezipeleriniň biridir» diýip belleýär. Milli Liderimiziň ýaş alymlary goldamak, olary ylmy açyşlara höweslendirmek bilen bagly döredýän mümkinçilikleri ýurdumyzyň ylmy-tehniki we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedir.

Jeren JUMAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar