Maşgala gymmatlygy wagyz edildi

26 Maý 2021
2252

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Köneürgenç şäher bölüminiň guramagynda «Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» atly şygar astynda maslahat geçirildi. Wagyz-nesihat häsiýetli bu maslahaty TZB-niň Köneürgenç şäher bölüminiň başlygy Meňli Şamedowa açdy we bagtyýarlyk döwrümizde maşgala berkararlygyny üpjün etmek, gymmatlygyny pugtalandyrmak, maşgala gatnaşyklarynyň kämil derejesini kemala getirmek babatda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler, hormatly Prezidentimiziň bu baradaky irginsiz hem yzygider aladalary dogrusynda täsirli gürrüň etdi.

Mährem ene Dursun Seýidowa, Köneürgenç şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgäri, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Nurgözel Pälwanowa, şäherdäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň mugallymy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Ogulgerek Nurjanowa dagynyň çykyşlary hem baý many-mazmunly boldy. Çykyşlarda ene mukaddesligi, maşgalanyň söýegi, ojaklaryň ýylysy, agzybirligiň söýesi, oba-kentlerimiziň ýaraşygy bolan maşgaladaky terbiýäniň jemgyýetde tutýan orny, bu barada hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda beýan edilen çuňňur pikir-garaýyşlar dogrusynda nygtalyp geçildi. Ynsan saglygy barada yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak babatdaky alyp barýan beýik işleri, ata-babalarymyzyň pent-nesihatlaryndan gözbaş alýan terbiýe meselesi, ony günüň talabyna laýyk çözmek babatda öňde durýan wezipeler dogrusynda aýdyldy. Şonuň ýaly-da, gün tertibinde seredilen meseleler boýunça özara pikir alşyldy we mundan beýläk ýerine ýetirmeli işlere üns çekildi. Zenanlaryň mertebesini arş deňinde beýgeldýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, ýeneki tutumlarynyň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Merjen ESENOWA,
Köneürgenç şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar