Maşgala sarpasy

25 Maý 2021
4297

Durmuşymyzdaky iň uly baýlyk — maşgaladyr. Maşgala jemgyýetiň aýrylmaz bölegi bolup, dogry we sazlaşykly şahsyýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Şoňa görä-de, maşgala gymmatlygyna dünýä ýüzünde aýratyn sarpa goýulýar. Jemgyýetçilik ösüşi üçin maşgala abadançylygyny üpjün etmek we maşgalalaryň ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1987-nji ýylda «Maşgalalaryň halkara gününi» yglan etmek meselesine seretdi. 1989-njy ýylyň 9-njy dekabrynda bolsa 1994-nji ýyly «Maşgalalaryň halkara ýyly» diýip yglan etdi.

Her ýylyň 15-nji maýynda bellenilip geçilýän «Maşgalalaryň halkara güni» 1993-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen ykrar edildi. Baýramyň bellenip geçilmegi maşgala bilen bagly meselelerden habarly bolmaga hem-de maşgalalaryň ýagdaýyna täsir edýän jemgyýetçilik-ykdysady we demografik ýagdaýlar barada bilimi çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Jemile NURLYÝEWA,
«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň redaktory.
Beýleki habarlar