Awaza — şypaly mekan

24 Maý 2021
2885

tomusky dynç alyş möwsümi üçin döwrebap hyzmatlar ýola goýlar

Keramatly türkmen topragy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, gözel we şypaly mesgenleri bilen meşhurdyr. Tomus döwründe ildeşlerimiziň aglabasy zähmet rugsadyna çykyp, şypahanalarda saglygyny berkitmek, maşgala bolup dynç almak, ýurdumyzyň gözel ýerlerine syýahat etmek ýaly maksatlaryny durmuşa geçirýärler. Watanymyzyň geljegi bolan çagalar baradaky alada hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýaş nesliň deňiz kenarynda, Gökderede, şeýle hem welaýatlarda döredilen döwrebap çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde oňat dynç almaklary we boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär.

«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar